Türkmenistan ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna girmäge gyzyklanma bildirýär

23:5130.09.2020
0
5507

Türkmenistanyň DIM-nde wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi — diýip, TDH habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, milli we dünýä gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň öňe ilerledilmegine ýurdumyzyň ygrarlydygy bellenildi.

Odri Azulaý ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Bilim, ylym, maglumat ulgamy, suw serişdelerini dolandyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Azulaý bilermenleriň duşuşyklaryny guramagyň, taraplaryň uzak aralykdan okuw geçmäge degişli taslamalara gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.

Türkmen tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, ÝUNESKO-nyň birnäçe düzümlerine Türkmenistany dalaşgärlige hödürlemek maksadyny beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň maddy däl medeni-taryhy mirasyny gorap saklamak ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ozal Türkmenistanyň möhüm medeni gymmatlyklarynyň girizilendigini bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar atlaryň ahalteke tohumyny hem-de itleriň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan alabaýlary gorap saklamagyň ähmiýetini nygtadylar. Şolaryň wagyz edilmegi dünýä derejesindäki medeni mirasy gorap saklamak nukdaýnazaryndan möhümdir.

Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Bu bolsa medeniýetara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň