Soňky habarlar

Arhiw

“PlayStation 5”-iň bahasy we satuwa çykaryljak senesi belli boldy

14:2717.09.2020
0
2091

“Sony” şereketi “PlayStation 5”-iň bahasy we satuwa çykaryljak senesini resmi taýdan yglan etdi. 

“Sony” kompaniýasy täze oýun konsoly  “PlayStation 5” bilen “Stadia” we “Xbox” ýaly bäsdeşleri bilen uly bäsleşige girer.

Şu ýylyň11-nji iýunda geçirilen çärede “Sony” şereketi “PlayStation 5”-iň dizaýnyny we aýratynlyklaryny  resmi taýdan jikme-jik yglan etdi. “Sony” kompaniýasy bu çäräniň dowamynda “PlayStation 5”-iň bahasy we satuwa goýberiljek senesi barada maglumatlar berilmese-de, indi “PlayStation 5”-iň bahasy barada resmi beýannama berildi.

“Sony PlayStation 5” iki dürli wersiýada peýda bolar. Birinji wersiýada oýun diskleri konsola salnyp bilner, ýöne ikinji wersiýasynda disk girizilmez we oýunlary internetden göçürip alyp bolar.

Diski goýmak bilen “PlayStation 5”-iň adaty wersiýasynyň bahasy 499 dollar, disksiz wersiýanyň bahasy 399 dollar bolar.

ABŞ, Ýaponiýa, Kanada, Meksika, Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlardaky janköýerleri üçin “Sony PlayStation 5” şu ýylyň 12-nji noýabrynda elýeterli bolar.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde “Sony PlayStation 5”-iň satuwa çykaryljak senesi 19-njy noýabr diýip yglan edildi.

“Sony PlayStation 5”-iň esasy aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Prosessor: 8 ýadroly AMD Zen 2 CPU, 3,5 GGs Grafika kartasy: AMD Radeon RDNA 2, Reý yzarlaýyş tizlenmesi goldawy, 2,23 GGs çenli üýtgeýän ýygylyk 

RAM: 16 GB GDDR6 RAM 

Saklanylýan ýeri: 825 GB SSD, 5.5 GB / s okamak tizligi Ses: Tempest 3D 

Oýun diski: 100 GB/diske çenli Ultra HD Blu-ray Wideo çykyşy: 4K 120 Hz, 8K, VRR goldawy (HDMI 2.1)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň