AFK ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky yklym ýaryşlaryny indiki ýyla süýşürdi

15:1926.08.2020
0
12007

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy, 16 we 19 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatlaryna gatnaşjak milli futbol birleşiklerine yklym çempionatlarynyň indiki ýyla süýşürilýändigini habar berdi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy ýazdy.

16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionaty 25-nji noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Bahreýnde geçirilmelidi. Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 14 — 31-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda geçirilmeli ýaşlar çempionatyny hem soňa süýşürdi.

Bu çözgütler AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisinde tassyklanmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň