Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet eýeçiligindäki 50-ä ýakyn desga bäsleşikli söwdada hususyýetçilere satylýar

16:4304.08.2020
0
39489

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär ― diýip, «Türkmenistan» gazetindäki bildirişde aýdylýar.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Ahal, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satlyga goýulýar.

Gazetde ýerleşdirilen bildirişe görä, hususy eýeçilige satmaga meýilleşdirilen desgalardyr binalaryň sany 48-e ýetýär.

Bäs­le­şik­li söw­da­lar 2020-nji ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­da sa­gat 10:00-da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň ja­ýyn­da ge­çi­ril­ýär. Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň