Aşgabadyň restoranlary we garbanyşhanalary diňe eltip bermek hyzmaty boýunça işlär

11:4821.07.2020
0
35026

Paýtagtyň etrap häkimliklerinden «Türkmenportala» habar berlişi ýaly, şu günden başlap şäherdäki ähli kafeler, naharhanalar we restoranlar pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen aýyň ahyryna çenli ýapylýar.

Garbanyşhanalar şol günlerde diňe eltip bermek hyzmaty üçin işläp biler.

Bu çäreler iýul aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň