Türkmen aýdymçysy Ysmaýyl Jumaýew aradan çykdy

18:3018.07.2020
0
41970
Türkmenistanyň meşhur aýdymçysy, opera baritony, Mukamlar köşküniň orkestriniň solisti Ysmaýyl Jumaýew 17-nji iýulda Aşgabatda aradan çykdy. Bu barada infoabad.com habar berýär.
Köpçüligiň halaýan, uly konsertlere we döredijilik agşamlaryna hemişe gatnaşýan Ysmaýyl Jumaýew 1962-nji ýylda doguldy. Zehinli aýdymçy birnäçe gezek dürli halkara ýaryşlarynyň - Merkezi Aziýanyň sebitleýin bäsleşigi we Gazagystanyň (Gran Prisi) halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy. 
Ajaýyp sahna şekilleri we aýdyň çykyşy tomaşaçylary hemişe özüne çekdi. Mysal üçin, Aşgabatdaky operany bilýänler, 2019-njiy ýylda Aşgabatda geçirilen halkara teatr festiwalynda italýan režissýory  Daniýel de Plano tarapyndan  sahnalaşdyrylan “Paýasy” operasynda Tonionyň rolundaky ajaýyp çykyşyny ýatdan çykarmazlar.
Ysmaýyl Jumaýew iň soňky gezek maý aýynda dabaralarda çykyş edipdi. Olar Maý Kulyýewanyň 100 ýyllygy mynasybetli, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli konsertler we Milli Konserwatoriýany tamamlan uçurymlaryň konserti.
Meşhur sungat ussadyna iman baýlygyny, maşgalasyna sabyr dileýäris. 
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň