Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda barýar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu ýerde her ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini dokamak meýilleşdirilýär. Önümleriň agramly bölegi eksporta ugradylar.
200 işgäre niýetlenen täze binada sowadyş we ýyladyş ulgamlar bilen üpjün edilen giň otaglar bar. El halylarynyň döredijilik ussahanasy bolsa 1000 inedördül metr meýdany tutýar. Naharhana, geýim çalşylýan otaglar, hammam hem halyçylaryň ygtyýarynda bolar.
Binanyň birinji gatynda haly dükany, ikinji gatynda sergi zaly, suratkeşleriň ussahanalary, mejlisler otagy we dolandyryş jaýy bolar. Kärhanada sapaklary boýamak üçin barlaghana enjamlaşdyrylar we çig mal ammary ýerleşer.
Binanyň gurluşygyny «Ruhabatgurluşyk» kärhanasy alyp barýar. Ol 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra gurlan ozalky kärhananyň ýerinde gurulýar.
Ahal welaýatynyň Bäherden, Daşoguz welaýatynyň Gubadag, Mary welaýatynyň Baýramaly, Lebap welaýatynyň Halaç etraplarynda hem täze haly kärhanalarynyň gurulýandygyny ýatlatmak gerek.