Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowy ýurduň Prezidenti Rustam Minnihanow kabul etdi.
Prezident diplomaty täze jogapkärli wezipäniň ynanylmagy we onuň bu wezipä girişmegi bilen gutlady. Ol öz sözlerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň uzak ýyllara daýanýandygyny hem aýtdy.
Duşuşyga ýurduň resmi adamlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Metbugatda duşuşyga gatnaşýanlaryň Prezidentden başgasynyň ýörite örtük we ellik dakynandygyny ýazdy.
Atadurdy Baýramow 2018-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly bolup işläp başlapdy.