Halkara Sport Analizleri Merkezi – CIES futbolçylaryň häzirki ýagdaýdaky transfer bahalary barada hasabat ýaýratdy. Guramanyň habar bermegine görä, edil häzirki wagtyň iň gymmatly oýunçylarynyň sanawynda PSŽ-niň fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe 259,2 million ýewro bilen 1-nji ýeri eýeleýär. Ýewropanyň TOP 5 çempionaty esasynda düzülen sanawda Mançester Sitiniň iňlis ýyldyzy Rahim Sterling 2-nji (194,7 million ýewro), Borussiýa Dortmundyň iňlis futbolçysy Jeýdon Sanço 179,1 million ýewro bilen 3-nji orunda barýar. 4–5–6-njy orunlary iňlis klublarynyň ýyldyzlary – degişlilikde, angliýaly Trent Aleksander-Arnold (Liwerpul) bilen Markus Reşford (M. Ýunaýted) hem-de müsürli Muhammed Salah dagy eýeleýär. 100,1 million ýewrolyk transfer bahasy bilen super ýyldyz Lionel Messiniň 21-nji bolan sanawynda, 62,8 million ýewro baha kesilen başga bir super ýyldyz Kristiano Ronaldo 70-nji hatarda barýar.
Häzirki wagtda transfer bahasy iň ýokary bolan futbolçylar (Ýewropanyň TOP 5 çempionaty)
1. Kilian Mbappe (PSŽ) – 259,2 million ýewro
2. Rahim Sterling (Mançester Siti) – 194,7 million ýewro
3. Jeýdon Sanço (Borussia Dortmund) – 179,1 million ýewro
4. Trent Aleksander-Arnold (Liwerpul) – 171,1 million ýewro
5. Markus Reşford (Mançester Ýunaýted) – 152,3 million ýewro
6. Muhammed Salah (Liwerpul) – 144,9 million ýewro
7. Sadio Mane (Liwerpul) - 139,2 million ýewro
8. Antuan Grizmann (Barselona) – 136,4 million ýewro
9. Alfonse Deýwis (Bawariýa) – 133,5 million ýewro
10. Harri Keýn (Tottenham) – 118,7 million ýewro

