Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» we TFF-niň wekilleri AFK bilen onlaýn maslahat geçirdiler

23:4906.06.2020
0
4889

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlary guramak boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Maksat Seýitgulyýew we «Altyn asyr» futbol toparynyň başlygy Gurbanmyrat Hojageldiýew Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň geçiren maslahatyna gatnaşdy. Maslahat onlaýn aragatnaşyk arkaly geçirildi diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Onlaýn maslahatyň dowamynda «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň çäginde öňde duran duşuşyklary barada pikir alşyldy. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hökmünde «Altyn asyryň» yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň «D» toparçasynda ýaryşýandygyny ýatladýarys. Bu ýaryşyň çäginde «Altyn asyr» Täjigistanyň «Istiklol» we «Hujand», Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparlary bilen iki gezekden duşuşar.

Ilkinjisi mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyklar AFK-nyň gelen karary bilen näbelli wagt aralygynda yza süýşürilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň