Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Şagadam» ilkinji ýeňşini gazandy

19:3926.04.2020
0
7682

Aşgabat we Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň jemleýji iki duşuşygy geçirildi.

Paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi. Duşuşyk paýtagtyň adybir toparynyň 5:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňişden soňra utugyny 10-a çykaran «Aşgabat» ýaryş tertibinde ikinji orna çenli beýgeldi. Möwsümde dördünji gezek ýeňlen «Nebitçi» bolsa ýedinji orna çenli düşdi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Mary şäheriniň «Merwini» kabul eden Aleksandr Klimenkonyň şägirtleri 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 67-nji minutda Baýramgeldi Nurlyýew geçirdi. Bu duşuşykdan soňra utugyny 5-e çykaran «Şagadam» altynjy orna beýgeldi, 3 utukda galan «Merw» bolsa iň soňky basgançaga çenli düşdi.

Çempionatyň 6-njy tapgyryna 4-nji maýda geçiriljek üç duşuşyk bilen badalga berler. Şol gün «Altyn asyr» «Aşgabady», «Merw» «Nebitçini», «Şagadam» bolsa «Köpetdagy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň