Soňky habarlar

Arhiw

Magdan känlerinde hek daşlarynyň täze görnüşleri ýüze çykaryldy

12:5118.04.2020
0
14241

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow magdan känlerinde ýüze çykarylan hek daşlary we bloklar barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ministr senagat düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, magdan känlerini ylmy esasda özleşdirip, olaryň gorlaryny häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede gaýtadan işlemek boýunça, şeýle hem ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň görnüşlerini hem-de taýýarlanylýan mukdaryny artdyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem örtgi we bezeg gurluşyk önümleriniň önümçiliginde ýurdumyzda bar bolan magdan däl materiallary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

«Gaýly», «Düzmergen» we «Şagadam» ýataklarynda ýüze çykarylan hek daşlar we bloklar «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan täzeden işlenilip, owadan daşky görnüşi hem-de ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýan ýokary hilli granit we mermer plitalary taýýarlamakda ulanylýar.

Bu känlerde ýüze çykarylan granitiň we bezeg daşlarynyň nusgalary döwlet Baştutanymyza görkezildi. Şol önümleriň häsiýetleriniň hem-de baý reňk öwüşginleriniň netijesinde, olar binalaryň daşky hem-de içki bezeg işlerinde, diwarlarynda ulanylar.

Habar berlişi ýaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Gaýly» ýatagynyň gyzylymtyl-gülgüne reňkli hek daşlary binalaryň içki we daşky diwarlaryny bezemekde peýdalanyp bolar.

«Düzmergen» ýatagy Balkanabat şäheriniň 10 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, sarymtyl-ak we açyk goňur reňkli hek daşlaryny binalaryň içki bezeginde ulanyp bolar.

«Şagadam» granit we tuflaryň meýdançasy Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» belentliginde ýerleşýär. Bu ýerden gazylyp alynýan peýdaly dag jynsy ýaşyl we çal reňkli bolup, olary ýokary bezeg işlerinde hem-de desgalaryň içki we daşky diwarlarynda ulanmak bolýar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyna we ýerine ýetirilişiniň hiline berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Milli Lider ýurduň gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän möhümdigi barada aýdyp, senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine bar bolan kärhanalaryň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmagyň we içerki bazarda isleg bildirilýän, hili boýunça ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän gurluşyk önümlerini çykarmaga ýöriteleşen täze önümçilikleri ýola goýmagyň mümkinçiliklerini has giňişleýin öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany peýdaly gazylyp alynýan ýerli känlere barlag geçirmek we senagat taýdan işjeň özleşdirmek, gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek hem-de uly islegden peýdalanýan täze ýokary hilli önümleriň çykarylmagyny ýola goýmak boýunça görülýän çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň ösüşine we kämilleşmegine ýokary depgin berjekdigini belledi.

Mundan başga-da, isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň özümizde öndürilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk desgalarynyň depginini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, täze iş orunlarynyň döredilmegine we beýlekilere ýardam berer.

Döwlet Baştutany ministrligiň alyp barýan depginli işleriniň öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmegine hem-de Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagatlaşdyrmak baradaky we ýurdy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönüden-göni hyzmat edýändigini belläp, bu resminamalarda kesgitlenilen işleri öz wagtynda amala aşyrmaga aýratyn üns bermek barada görkezme berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň