Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine halkara derejesi berler

22:0917.04.2020
0
16009

Şu gün – 17-nji aprelde geçirilen Minstrler Kabinetiniň wideoragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentine ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýurduň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşyna görä, bu meseleleri öwrenmek üçin hem-de, umuman, ýokary hünär bilimini bermek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Iş topary döredilip, onuň düzümine Bilim, Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň hünärmenleri girdi. Topar bilim edaralaryny bu sanawa goşmak üçin halkara guramalary tarapyndan kesgitlenilen ähli görkezijileri öwrenip, ýurduň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlady. Meýilnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri halkara akkerditasiýasyny alarlar, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligi ýola goýlar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejeli abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagynyň türkmenistanlylaryň ýaş neslini ruhubelent okamaga, täze bilimleri hem-de häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmegä gönükdiriljekdigini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (17.04.2020) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň