Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Istikloldaky» ilkinji kubogyny gazandy

19:4004.04.2020
0
6944

Şu gün Duşenbe şäheriniň Merkezi respublikan stadionynda Täjigistanyň futbol boýunça Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçirildi. Onda geçen möwsümiň çempiony «Istiklol» wise-çempion «Hujandy» kabul etdi.

Stationa janköýer almasyzdan geçirilen duşuşyk «Istiklolyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Hujand» heniz 2-nji minutda özbegistanly legioner Sanjar Rihsiboýewiň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, «Istiklola» 11 gezek geçirilen Naýbaşy kubok duşuşyklaryndaky 9-njy kubogyny gazanmak üçin iki minut ýeterlik boldy. Has takygy, 78-nji minutda hüjümçi Manuçehr Jalilow hasaby deňledi, 80-nji minutda bolsa «Istiklol» Muhammedjon Rahimowyň goly bilen öňe saýlandy we Naýbaşy kuboga mynasyp boldy.

Duşuşykda türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow 58-nji minutda Şeriddin Boboýewiň ornuna oýna girdi. Gazanylan ýeňişde ildeşimiziň paýy uludyr. Şeýlelikde, Wahyt Orazsähedow «Istiklolyň» düzümindäki ilkinji kubogyny gazandy.

Wahyt Orazsähedowyň «Istiklol» karýerasynyň başga bir täsinlik bilen başlandygy hem ünsi özüne çekýär. Ýakynda hut şu topar — «Hujand» bilen AFK-nyň kubogy — 2020-niň çäginde bolan duşuşykda ildeşimiz täze toparynyň düzümindäki ilkinji ýeňşini gazanypdy. Bu gün bola ol topary bilen ýene-de «Hujandy» ýeňip, Täjigistandaky ilkinji kubogyna mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň