“iPhone 9” 5-nji aprelde satuwa çykar

18:3002.04.2020
0
9105

Köp wagtdan bäri garaşylýan “iPhone 9” (“iPhone SE2”) smartfonynyň satuwa çykaryljak senesi mälim edildi. Bu smartfon “Apple”-iň arzan bahaly ikinji smartfony bolar. Bölek söwdany amala aşyrýan “BestBuy” şereketi telefonyň 5-nji aprelde dükan tekjelerinde peýda boljakdygyny mälim etdi. Ýeri gelende aýtsak, entek bu smartfon çykmadyk hem bolsa, onuň daşlyklary satuwa çykaryldy. “Urban Armor Gear” şereketi ýere gaçanda, urga sezewar bolanda telefony goraýan daşlyklary satuwa taýýar edipdir. Mälim bolşy ýaly, “iPhone 8”-den soňra “iPhone 9” däl-de, “iPhone X” çykarylypdy. Smartfon on ýyllygy mynasybetli Rim sifri hökmünde okalanda 10 diýmegi aňladýan “X” ady bilen çykarylypdy. Şol sebäpli “Apple” kompaniýasy çykman galan “iPhone 9”-y diňe bir gezek çykarylan arzan bahaly “iPhone SE” seriýasynyň dowamy hökmünde satuwa çykarmak kararyna gelipdir. Telefon has kiçi bolup, onuň 4,7 dýuýmlyk ekrany 64 GB içki ýady we 3 GB RAM-y bolar. telefonyň bahasyny 400 dollar bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň