Türkmenistanda sanly dolandyryş boýunça magistrlik okuwlary geçirilýär

12:3501.04.2020
2
10738

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan «Sanly dolandyryş» boýunça gysga wagtlaýyn okuwlar geçildi. Bu barada BMGÖM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Taslamanyň ilkinji diňleýjileri dürli ministrliklerinden gatnaşan 20 hünärmen boldy.

Täze magistr okuw maksatnamasy 10 ugry öz içine alýar:

  • dolandyryş işlerinde maglumat tehnologiýasy;
  • ykdysadyýetdäki maglumat ulgamlary;
  • maglumat howpsuzlygynyň esaslary we maglumat çeşmeleri;
  • ýagdaý derňewi we dolandyryş kararlaryny modellemek;
  • elektron hökümet tehnologiýasy;
  • maglumatlary seljermek;
  • maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyryşy;
  • dolandyryşy özgertmek;
  • döwlet maliýe we bank dolandyryşy;
  • sanly dolandyryş üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady.

Bu okuwlar ýurdumyzda dolandyryş işine sanly ulgamdan peýdalanmagyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Abray ( 04.04.2020 )

Salam. Bu wagtlaýyn okuwmy ýa-da 2 ýyllyk magistrmi? Eger 2 ýyllyk magistr okuwy bolsa nähili dokumentler gerek giriş synaglaryna?

0
aamaniyazov ( 04.04.2020 )

Salam. Doly maglumaty Birleşen Milletler Guramasyndan alyp bilersiňiz.

1