Arhiw

«Ahalyň» garşydaşy Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady

12:1031.01.2020
0
3368

«Ahalyň» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşy ― Gyrgyzystanyň Goçgarata şäheriniň «Neftçi» futbol kluby düýn Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady.

Geçen möwsümde Gyrgyzystanyň futbol kubogyna mynasyp bolan topar Türkiýede üç sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Rumyniýanyň «Kindiýasyndan» 0:3, Ukrainanyň «Zarasyndan» 0:4 hasabynda ýeňlen «Neftçi» Makedoniýanyň «Şkupi» topary bilen 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnady ю

«Neftçi» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» bilen iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi 5-nji fewralda Jelal-Abad şäherinde, jogap duşuşygy 12-nji fewralda Aşgabatda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň