24-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Döwlet energetika institutynyň ýanyndaky ylmy-önümçilik merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde gün we ýel energiýasyny peýdalanmak meseleleri boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Şol işleriň netijesinde, çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň tebigy-howa şertlerimiziň gaýtadan dikeldilýän energiýany giňden peýdalanmak üçin örän amatlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ekologiýa taýdan howpsuz energiýa desgalarynyň ykdysady we durmuş maksadalaýyklygyny nazara almagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany döwrebap energiýa desgalaryny ornaşdyrmak üçin türkmen hünärmenleriniň uly tejribesiniň bardygyny aýdyp, bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzyň alys ýerlerindäki ilatly ýerleriň bökdençsiz elektrik üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini aýratyn nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, şol taslamalaryň tehniki taýdan seljerilmegini hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän has amatly durmuş şertlerini döretmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyp, wise-premýere kesgitlenen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.