Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň merkezindäki çatrykda başlan gurluşyk üçin awtobus gatnawlarynyň ugruny üýtgetdi

16:0411.01.2020
0
21304

Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň Türkmenbaşy we A.Nyýazow köçeleriniň çatrygynda ýerasty geçelgäniň we dört sany pyýada geçelgesiniň guruljakdygy sebäpli bu çatrygyň 2020-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan başlap, herekete ýapyljakdygyny habar berýär.

Bu ýerdäki gurluşyk işleri şu ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam eder. Bu çatrykdan geçýän awtobuslar bolsa şol wagta çenli aýlaw ýollar bilen gatnar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy bilen bu gurluşygy amala aşyrmak «Nusaý ýollary» hususy kärhanasyna ynanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň