Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hüjümçi Selim Nurmyradow futbolçylyk ýoluny «Bunýodkorda» dowam etdirer

00:2906.01.2020
0
19176

Geçen möwsümi Aşgabadyň «Altyn asyrynyň» hatarynda geçiren hüjümçi Selim Nurmyradow futbolçylyk ýoluny Özbegistanda dowam etdirer. Bu barada «Championat.asia» saýty habar berýär.

23 ýaşly hüjümçi ýakynda Daşkent şäheriniň «Bunýodkory» bilen şertnama baglaşdy. Ol bu topar bilen şu möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasyna çykmaga synanyşar. Türkmen futbolçysy topar bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol şu ýylyň dekabr aýyna çenli «Bunýodkorda» futbol oýnar.

Türkmenistanly hüjümçi bilen bilelikde Sardor Abduraimow, Murod Halmuhamedow, Humoýun Murtazoýew, Gulomhaýdor Gulýamow, Bahodir Pardaýew, Sarwar Karimow (ählisi Özbegistandan) we Täjigistanyň futbol ýygyndysynyň goragçysy Dawronjon Ergaşew dagylar hem «Bunýodkor» bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdylar.

Selim Nurmyradow 1996-njy ýylyň 22-nji martynda Aşgabatda doguldy. Onuň kakasy Berdimyrat Nurmyradow hem öz döwrüniň belli futbolçylarynyň biri. Selim 2013 ― 2014-nji ýyllar aralygynda «Rubiniň» ýaşlar düzüminde çykyş edip, 2014-nji ýylda Türkmenistana geldi. Şondan bäri hem ol alty möwsümiň dowamynda «Altyn asyrynyň» düzüminde oýnady. Bu möwsümleriň ählisinde ol topar bilen ýurdumyzyň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň