Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ulanyşa goýberen “VISA Classic Syýahat” we “MasterCard Standard Syýahat” halkara bank kartlaryna bir aýyň dowamynda 10,000 ABŞ dollaryna çenli pul ýüklemäge raýatlara mümkinçilik döredildi. Täze halkara bank kartlaryndan Türkmenistanyň islendik raýaty peýdalanyp biler ― diýip, «Atavatan-Turkmenistan» «Biznes Turkmenistan» savtyna salgylanyp habar berýär.
“Syýahat” kartlarynyň hasaby diňe daşary ýurt walýutasynda doldurylýar. Bu prosesiň dowamynda müşderilerden serişdäniň nireden gelip çykandygy barada maglumat talap edilmeýär.
Kart hasaplaryna nagt görnüşinde, şeýle hem beýleki walýuta hasaplaryndan geçiriljek serişdeleriň hasabyna pul ýükläp bolýar.
Täze kartlaryň ikisiniň hem mümkinçilikleri deňdir. Bu kartlardan bir gije-gündiziň dowamynda 200 ABŞ dollary nagt görnüşinde alnyp bilinýär. Bank bu hyzmatdan 1.75% tutum alýar. Nagt däl hasaplaşyklarda bolsa, çäklendirme ýok.
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky “Syýahat” kartlaryny 1-nji noýabrdan işe girizdi. Bu kartlary almaga isleg bildirýän raýatlar şahsy pasportyny we onuň göçürmesini, şeýle hem biometrik pasportynyň maglumat ýerleşdirilen sahypasynyň göçürmesini görkezmek arkaly banka ýüz tutup, bir hepdäniň dowamynda “Syýahat” kartlaryna eýe bolup bilerler.

