Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri bowling boýunça Dünýä kubogyna gatnaşýarlar

20:4817.11.2019
0
6056

Türkmen türgenleri Serdar Ataýew bilen Nasiba Orazmedowa bowuling boýunça 55-nji QubicaAMF Dünýä kubogyna gatnaşýarlar. Ýaryş Indoneziýanyň Palembang şäherinde geçirilýär. Milli ýygyndymyza Türkmenistanyň Bouling federasiýasynyň prezidenti Batyr Hangeldiýew ýolbaşçylyk edýär. Türkmen bowlingçileriniň Dünýä kubogyna ilkinji gezek gatnaşýandygyny aýtmak gerek. 24-nji noýabra çenli dowam etjek ýaryşlara 79 döwletden 140 türgen gatnaşýar. Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlar 1965-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Türkmenistanyň Bowling federasiýasy bolsa 2014-nji ýylda döredildi. Ondan ozal bolsa ýurdumyzda bowuling bilen höwesjeňler derejesind meşgullanylýardy. Türkmen bowlingçileri «Aşgabat ― 2017-den» başlap, halkara ýaryşlaryň ençemesinde tejribe topladylar. Dünýä kubogy bolsa olaryň halkara tejribesiniň has-da artmagyna täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň