Soňky habarlar

Arhiw

Hasyl toýy mynasybetli Aşgabatda at çapyşyklary geçirildi

23:5310.11.2019
0
5847

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda Hasyl toýy mynasybetli at çapyşyklary guraldy. Bu gezek ahalteke bedewleri bäş çapyşykda öz ýyndamlygyny, çalasynlygyny hem-de çeýeligini görkezdiler. Çapyşyklaryň başlanýandygy yglan edilende münberlerdäki tomaşaçylarda uly ruhubelentlik ýagdaýy döredi, bedewler bolsa aýlawyň çapuw ýodasy bilen öňe okduryldylar ― diýip, TDH habar berýär.

1400 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Kelete diýen dor at bu uzaklygy 1 minut 34,1 sekuntda geçip, iň gowy wagty görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu aty 3-nji derejeli çapyksuwar B.Berdimuhammedow çapdy.

1400 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bellenen menzili 1 minut 30,7 sekuntda geçen Ülker diýen dor ata taý tapylmady. Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligine degişli bolan bu bedewi A.Kiçigulow çapdy.

Üçünji çapyşyk hem çekeleşikli boldy. Onda çapyksuwar B.Begliýew Bamy diýen dor at bilen bu aralygy 1 minut 34,3 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy.

Dördünji çapyşykda çapyksuwar D.Berdimämmedow Bürgüt diýen bedewde ýeňiş gazandy (1 minut 31,5 sekunt).

1800 metr aralyga geçirilen çapyşyga dört we ondan uly ýaşar bedewler gatnaşdy. Şonda çapyksuwar B.Agamyradow Görmegeý atly bedewde ýeňiş gazandy (2 minut 04,9 sekunt).

Ýaryşlaryň ýeňijilerine mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň