Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Türkiýäniň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdi

23:2630.10.2019
0
8343

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionaty ― 2020-niň Eýranda geçirilen saýlama duşuşyklaryndan soňra Türkiýe Respublikasyna ugrady. Bu ýerde Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky türkmen futzalçylary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler.

Ýygnanyşygyň dowamynda ildeşlerimiz şu gün Türkiýäniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, Kojaeli şäherinde geçirilen bu duşuşyk Robert Grdowiçiň şägirtleriniň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda Mülkaman Annagulyýew bilen Öwezbaý Muhammetmyradowyň her haýsy iki, Serdar Rejebow bolsa bir pökgi geçirdi.

Milli ýygyndymyz türk futzalçylary bilen 1-nji noýabrda ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýeri gelende aýtsak, bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Aziýa çempionaty ― 2020-niň taýýarlyk tapgyrynyň çäginde geçirilýär. Çempionat 24-nji fewral ― 10-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň