Türkmen eminleri U-19 Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda işlär

23:0928.10.2019
0
4085

Türkmenistanly futbol eminleri ― paýtagtly Çarymyrat Gurbanow bilen daşoguzly Pälwan Pälwanow Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan 19 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän yklym çempionatynyň saýlama tapgyryna eminlik etmäge çagyryldy. Türkmen eminleri «G» toparçanyň duşuşyklaryna eminlik eder. Bu toparçanyň oýunlary Kambojanyň Pnompen şäherinde geçirilýär.

Yklym ýaryşynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin toparçada Tailandyň, Malaýziýanyň, Kambojanyň, Bruneýiň we Demirgazyk Marian adalarynyň ýaşlar ýygyndylary ýaryşar. Duşuşyklar 2 ― 10-njy noýabr aralygynda geçiriler.

Duşuşyklara Çarymyrat Gurbanow baş emin, Pälwan Pälwanow bolsa kömekçi emin bolup gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň