Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri jenap Sindzo Abe bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatlaryny iberdi ― diýip, TDH ýazýar.
Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Ýaponiýada soňky 60 ýylyň içinde bolup geçen iň uly «Hagibis» harasatynda aradan çykanlaryň sany 56-a ýetdi, 204 adam bolsa ýaraly. 12-nji oktýabrda bolan harasat Honsýu adasynda uly weýrançylyklara getirdi.