Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi açylyp, ulanmaga berildi

23:2218.09.2019
0
8230

Şu gün Daşoguz şäherinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň açylyş dabaralary boldy. Dabaralar ýakynlaşyp gelýän şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlandy ― diýip, TDH habar berýär.

Täze ýaşaýyş jaýlary welaýatyň dolandyryş merkezinde guruldy. Olarda şäher ýaşaýjylarynyň segsen maşgalasy täze jaý toýlaryny tutdular.

Dört gatly iri panelli jaýlaryň ikisi «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demirbeton önümleri zawodynyň gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan «Nowruz» diýen kiçi etrapçada bina edildi.

Olaryň her biri otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan giň göwrümli we üçekleri beýik bolan 32 sany dört otagly we üç otagly öýlerden ybaratdyr.

Dört otagly öýüň umumy meýdany 125 inedördül metre, üç otagly öýüň meýdany 109 inedördül metre deňdir. Şeýle öýler üçin diwar panelleriniň çykarylmagyny Daşoguzyň demirbeton önümleri zawody önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde özleşdirdi.

Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan dört gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýy guruldy. Ol şäher «takyklyk» diýlip atlandyrylýan usuly boýunça guruldy. Şunda täze gurulýan desgalar ozal bar bolan öýleriň arasynda sazlaşykly ornaşýar. Bu bolsa ýer bölegini hem-de hereket edýän inženerçilik-tehniki aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň