Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» ― «Hanoý» duşuşygyna siriýaly hünärmenler eminlik eder

19:2125.08.2019
0
2373
AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» ― «Hanoý» duşuşygyna siriýaly hünärmenler eminlik eder

FIFA-nyň emini Masud Tufaýliniň ýolbaşçylygyndaky siriýaly eminler topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogy 2019-yň sebitleýin ýarym finalyndaky jogap duşuşygynda eminlik ederler.

27-nji awgustda toparymyzyň öz meýdanynda Wýetnamyň “Hanoý” topary bilen geçirjek duşuşygynda Masud Tufaýliniň kömekçileri hökmünde ildeşleri Ali Ahmad bilen Mazei Zazfun çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Hanna Hattab (Siriýa) ýerine ýetirer.

Bu duşuşygyň gözegçi emini Jon D Kosta Entoni (Hindistan), duşuşygyň komissary koreýaly Jung Tinam bolar.

Ýeri gelende bellesek, 42 ýaşly Masud Tufaýli AFK-nyň Kubogy – 2019-yň çäginde Merkezi zolagyň “D” toparçasynyň duşuşygynda eminlik edipdi. Şol duşuşykda gyrgyzlaryň “Dordoýy” öz meýdanynda täjikleriň “Hojand” toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň birinji ýarymfinalynda Wýetnamyň “Hanoý” toparyndan myhmançylykda 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýny 27-nji awgustda paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 17:00-da başlanar.

Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiş gazanan topar AFK-nyň interzolagynyň finalynda “Abahani Limited” (Bangladeş) bilen “Aprel 25” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň