Aşgabatda «Ýaş telekeçileriň asyry» atly forum geçiriler

21:2119.08.2019
0
14194

30-njy awgustda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda «Ýaş telekeçileriň asyry» atly forum geçiriler. Onuň guramaçysy bolup «Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýeti çykyş edýär.

Çäräniň maksady telekeçilik işine başlaýanlara goldaw bermekden, ýaş hususyýetçileriň biznes mümkinçiliklerini ösdürmekden we täze taslamalary gözlemekden ybaratdyr.

― «Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýeti Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hemaýat bermeginde «Men ― telekeçi» atly taslamany durmuşa geçirýär ― diýip, hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Mähri Amanowa Türkmenportala maglumat berdi. ― Biziň kompaniýamyz ilçihana bilen Türkmenistanda hususyýetçiligi ösdürmek babatyndaky ylalaşyga gol çekdi. «Men ― telekeçi» taslamamyz hem bilelikdäki hyzmatdaşlygyň miwesidir. Sekiz aý dowam edýän şertnamanyň çäginde forumlaryň üçüsi we sekiz sany trening geçiriler.

Sentýabrda biznes ugurly treningimiz geçiriler, oňa tejribeli hünärmenleriň we hususyýetçileriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Taslama ýaş hususyýetçileri, başlangyç kompaniýalary we telekeçilik pikirlerini goldamaga gönükdirilendir. Ol täze hyzmatdaşlary tapmak, ulgamlaýyn işi alyp barmak boýunça hem mümkinçilikleri hödürleýär. Taslama Türkmenistanyň ýaş telekeçileriniň biri-biri bilen tejribe mekdebine öwrüler.

― Islendik adamda pikir, idea döräp biler. Biz ony durmuşa geçirmäge we şol pikiriň onuň eýesiniň şahsy biznesine öwrülmegine ýardam berýäris. Forum 25 ― 30 adamy öz içine alar. Bu ― biziň ilkinji ädimimiz. Geljekde halkara derejedäki hünärmenleri hem bu işe goşmagy meýilleşdirýäris. Esasy zat, goý, biziň ýaş hususyýetçilerimizde öz maksatlaryny durmuşa geçirmäge bolan höwes artsyn! Taslamanyň çäginde käbir göçme trendler hem geçiriler. Mysal üçin, olaryň birini Awazada geçirmegi meýilleşdirýäris ― diýip, M.Ahmedowa gürrüň berýär.

Forum tölegsizdir. Onuň meýilnamasy bilen tanyşmak we özüňi bellige aldyrmak üçin: www.mentelekechi.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň