V'olga: «Men Aşgabatda doguldym»

20:4613.08.2019
0
14922

Russiýaly meşur aýdymçy Olga Şultaýsyň «Men Türkmenistanda doguldym» diýen sözler, göwnüňe bolmasa, birinji Hazar ykdysady forumy mynasybetli geçirilen gala-konsertde daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň türkmen dilinde aýdan sözleriniň iň täsirlileriniň biri ýaly bolup dur. Beýle ýakymly täzeligi eşidersiňde, ol barada has köpräk bilmäge bolan höwesiň oýanmazmy?

... Aýdymçynyň taýýarlyk otagynyň agzynda bizi Türkmenistana onuň bilen bile gelen myhmanlar garşylady. Kärdeşlerimiz ― «Türkmen owazynyň» habarçylary bolsa bizden hem öňürdip, aýdymçy bilen söhbetdeş bolýan ekenler. Garaz biz, Olga Şultaýs, ýaşlara has tanyş görnüşde aýtsak, V’olga bilen gürrüňdeş bolmak üçin biraz garaşmaly bolduk.

Içeri girip-girmänkäk, aýdymçyny gutlamaga gelen «KAMAZ»-yň wekilleriniň biri:

― Tüweleme, žurnalistler bizden beter ýetişikli. Seresap bol ýigit, biziň şagyzymyzyň gözelligine göz degräýme ― diýip, meniň bilen degişdi. Otagyň içini şadyýan gülki gaplap aldy, ýöne russiýaly myhman:

― Onuň bu gözelliginiň asyl sebäbini bilýäňizmi? Sebäbi ol türkmen gyzy ― diýen jogaby alansoň-a gülki has hem göterildi.

Şeýdip, Olga bilen tanyşlygymyz degişmeden başlandy. Gözlerinde, tüýs, türkmen gyzlaryna mahsus mähir uçganaklap duran myhman aýdymçy bilen gürrüňdeşligimiz hem gyzykly boldy.

― Olga, gutlaýarys. Diýseň ajaýyp çykyş boldy.

― Köp sag boluň! Ilkinji gezek Türkmenistanda çykyş etmek meniň üçin ýakymly.

― Wagtyňyzy alman, bada-bat esasy sowala geçeýin. Türkmenistanda doglanyňyzy biz eýýäm bilýäris. Ýöne haýsy şäherde?

― Aşgabatda. 1986-njy ýylyň güýzünde bu ajaýyp şäherde dogulmak bagty maňa-da nesip edipdir ― diýip, degişgen Olga şadyýanlyk bilen jogap berdi.

― Kakaňyz, ejeňiz kim bolup işleýärdi?

― Olaryň ikisem howaýollarynda işleýärdi. Kakam-a uçarmandy, ejemem Aşgabadyň howa menzilinde işleýärdi.

― Soňra...

― Soňra maşgala ýagdaýy sebäpli, men heniz kiçijik gyzkam Russiýa göçmeli bolduk. Ýöne çagalygym, şol ýyllardaky Aşgabat gözlerimde hemişe galypdyr. Çynymy aýtsam, men hemişe Türkmenistany we Aşgabady küýsedim.

― Ortaça hasap bilen aýtsak, siz 30 ýyl çemesi wagtdan soňra ýene Türkmenistana geldiňiz. Arzuwlary hasyl bolan aýdymçynyň duýgularyny bilmek ählimiz üçin ýakymly.

― Näme diýsemkäm ― diýip, Olga tolgundy. Onuň gözlerinde bolsa düwmejikler peýda boldy. ― Men häzir başdan geçirýän duýgularymy beýan etmäge söz tapamok. Hakykatdan-da, iň uly arzuwlarymyň biri hasyl boldy. Men hemişe Aşgabatda düýşdäki ýaly duýgular bilen ýatlaýardym. Göbek ganymyň daman ýeri-dä! Ýöne Aşgabada gelip hem men oýanmadym, görýän zatlaryma düýşdür öýtdüm. Aşgabat meniň çak edişimden hem owadan şäher eken. Tämizlik, aklyk, gözellik ― olar ajaýyp bir aýdym ahyryn! Men şeýle şäherde doglanyma tüýs ýürekden buýsanmaga hakly zenan.

Soňra-da Awaza geldik. Men bir söz bilen Awazany Hazaryň iň owadan, iň tämiz kenary diýip häsiýetlendirmek isleýärin.

― Paýtagtymyz we ajaýyp Awaza üçin hoş sözleriňiz üçin sag boluň! Hawa, şunça ýyldan soňra ýene Türkmenistana geldiňiz. Gelmek bilen hem çäklenmän, şeýle derejeli konsertde aýdym aýtdyňyz. Tejribäňiz ýetikdir, ýöne dogduk Diýarda sahna çykmankaňyz tolgunmadyňyzmy?

― Dogrusy, tolgundym! Her näçe tejribeli hem bolsaň, ilkinji gezek bolup görýän ýeriňde sahna çykmagyň özüne ýeterlik jogapkärçiligi bar. Men türkmen halkyna özümiň Türkmenistanda doglandygymy aýtmagy ýüregime berk düwüp çykypdym. Diýmek, men konserte ýygnananlaryň gylla ýarysynyň, oňa «mawy ekran» arkaly tomaşa edýänleriň bolsa aglabasynyň watandaşy bolýaryn. Öz watandaşlaryň göwnüne ýarap bilmek ýaly jogapkärli duýgy ýok eken. Häli, siz gelip gutladyňyz welin, ynanyň, begenjimden guş bolup uçaýasym geldi.

― Siz konsertde türkmen dilinde erkin gürlediňiz. Eýsem, başgada ýadyňyza düşýän türkmen sözleri barmy?

― Elbetde, «halk» ― «народ», «Watan» ― «родина», «baýram» ― «праздник», «eje» ― «мама», «kaka» ― «папа». Sanabersem, ýene kän. Bu sözler çagalygymdan gulagyma, aňyma siňipdir.

― Beýle bolsa, türkmen dilinde aýdym aýtmagy islärdiňizmi?

― Men ony şu konsert üçin isledim, ýöne wagtym azrak boldy. Emma ýakyn geljekde öz aýdym-saz hazynam türkmen dilindäki aýdymlary hem goşmagy tüýs ýürekden isleýärin. Çünki türkmen sungatynda aýdymyň ajaýyp nusgalary bar. Olary dünýä çykarmak gerek.

― Diýmek, Türkmenistana indiki gezek geleniňizde, sizden türkmen dilindäki aýdyma garaşyp bilerismi?

― Söz bermäýin, ýöne men munuň üçin synanyşaryn. Türkmenistanly muşdaklarymy olaryň ene dilindäki aýdym bilen begendirmek meniň üçin hem ýakymly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň