Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazowyň "Irtyşdaky" köýnekçe belgisi belli boldy

13:5625.07.2019
0
5588

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Gazagystanyň "Irtyş" toparynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazowyň täze toparyndaky köýnekçe belgisi kesgitlendi diýip, Sports.kz habar berýär.

Salgylanýan çeşmä görä, türkmenistanly futbolçy "Irtyşda" 7-lik belgide çykyş eder.

Şu gün Gazagystanda tomusky transfer möwsümi resmi ýagdaýda ýapyldy. "Irtyşyň" metbugat gullugynyň habar bermegine görä, topar türkmenistanly ýarym goragçy bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Eger futbolçynyň oýny tälimçileriň göwnünden tursa, onda onuň şertnamasynyň möhleti uzaldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň