Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Olimpiada - 2020-ä bir ýylyň galmagy mynasybetli dabara geçirildi

23:4124.07.2019
0
7417

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna bir ýylyň galmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty, Daşary işler ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň dzýudo, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, boks, sport göreşi, agyr atletika, para-pauerlifting federasiýalarynyň we Tokiodaky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler hem dabaranyň myhmanlary boldular.

Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata çykyş edip, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, sport babatyndaky hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Liderleriniň 2015-nji ýyldaky duşuşygyndan soňra has-da giňändigini nygtady.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň dzýudo we agyrlyk zyňmak boýunça ýygyndylary Ýaponiýanyň Tendo şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Bu ýygnanyşyk halkara tejribäni artdyrmakda we Oýunlaryň geçiriljek döwletiniň howa şertlerine uýgunlaşmaga ähmiýetlidir.

Sözüniň ahyrynda Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi türkmen türgenlerine Olimpiýa oýunlarynda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXII Olimpiýa oýunlaryna indiki ýylyň 24-nji iýulynda badalga berler we Oýunlar 9-njy awgustda tamamlanar. Paralimpiýa oýunlary bolsa 25-nji awgust - 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler. Tokio - Olimpiýa oýunlaryny Aziýa yklymynda kabul eden ilkinji şäherdir. Mundan 55 ýyl ozal, 1964-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary hem Tokioda geçirilipdi.

Bu gezek Oýunlara 11 müň 90 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar 33 sport görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy üçin göreşerler. Tokio Olimpiadasyna sportuň beýsbol, softbol, karate, skeýtbording, sýörfing ýaly görnüşleri boýunça ilkinji gezek ýaryşlaryň geçiriljekdigini hem dykgatyňyza ýetirýäris.

Sportuň 22 görnüşi boýunça geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna bolsa 4 müň 400 türgen gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň