Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de Indoneziýanyň "Persib Bandung" toparynyň ýarym goragçysy Artur Geworkýan "Türkmenportala" Dünýä çempionaty - 2022-niň we Aziýa kubogy - 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekilişigi bilen bagly pikirlerini beýan etdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Artur we dostlary "H" toparçada Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-nyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen duşuşar.
"Meniň pikirimçe, toparçamyz ýeňil toparça däl. Ýöne bu futbol, islenik topar hem ýaşyl meýdan belki ýeňiş gazanýar ýa-da ýeňilýär. Ýöne Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümindekäň islendik garşydaş bilen has jogapkärli oýnamaly. Toparçada biziň esasy göreşimiz iki ýygyndy - Koreýa Respublikasy we KHDR bilen bolar diýip pikir edýärin. Eger biz her duşuşyga diňe ýeňşi maksat edinip çyksak, "H" toparçanyň liderleriniň biri bolup bileris. Ilkinji nobatda bolsa öz janköýerlerimiz üçin oýnaýandygymyzy ýatdan çykarmaly däl" diýip, tejribeli futbolçy pikirlerini paýlaşdy.
