Soňky habarlar

Arhiw

"Mado" Aşgabatda söwda nokadyny açdy

18:5006.07.2019
0
29400

Aşgabatdaky "Arkadag" seýilgähi Türkiýäniň dünýä belli "Mado" konditer ulgamynyň Türkmenistandaky ilkinji söwda merkezi boldy. Türkmen hususyýetçileri ulgamyň Türkmenistandaky kafesini açmak baradaky işe 2018-nji ýylda badalga beripdiler.

"Madonyň" menýusynyň agramly bölegini türk süýjülikleri düzýär. Şeýle hem müşderilere çorba we beýleki gyzgyn naharlar hödür edilýär. Olaryň ählisi türk aşhanasy esasynda taýýarlanandyr. 

Ulgam häzirki wagtda dünýä döwletlerinde 400-den gowrak söwda nokadyny açdy. "Mado" Awstraliýa, Saud Arabystany, Azerbaýjan, Gonkong, Malaýziýa, Koreýa Respublikasy, Bolgariýa, Kipr ýaly döwletlerde hem üstünlikli işleýän ulgamdyr. Onuň datly tagamlary indi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin hem elýeterli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň