“Çelsiniň” täze tälimçisi – Lampard

16:5404.07.2019
0
4817

Frank Lampard ozal ençeme ýyllap çykyş eden kluby “Çelsä” tälimçi bolup dolandy. Geçen möwsüm 2-nji liganyň wekili “Derbi Kaunti” toparyna tälim beren “Çelsi” bilen 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Tälimçilige geçen möwsüm başlan Lampard “Derbi Kaunty” bilen pleý-off tapgyrynda çykyş edip, tasdanam “Premier liga” çykarypdy. Finalda Aston Willadan” asgyn gelen “Derbi Kaunti” toparynyň Lampardyň ornuna gollandiýaly Filip Kokuny tälimçilige bellemegine garaşylýar.
Mundan 15 gün öň gün 41 ýaşyny dolduran Frank Lampard mundan 5 ýyl ozal “Çelsiden” aýrylyp, ilki “Mançester Sitä”, ol ýerdenem “Nýu Ýork Siti” toparyna geçipdi. 13 ýyllap “Çelside” oýnan Frank Lampard toparyň iň köp gol geçiren oýunçysydyr (211 gol). Lampard oýunçy döwründe “Çelsi” bilen Çempionlar ligasynda hem-de Ýewropa ligasynda 1, “Premier ligada” 3 gezek çempionlyk gazandy. Lampard “Premier ligada” yzly-yzyna 164 duşuşykda meýdança çykyp (2001-2005-nji ýyllar aralygynda), bu ugurda çempionatyň rekordynyň eýesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň