Ýazguly Hojageldiýew: "Biz AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyryna mynasyp oýun bilen çykdyk"

20:1927.06.2019
0
4947

AFK-nyň kubogynyň çäginde Täjigistanyň Duşenbe şäherinde ýerli «Istiklol» bilen geçirilen we 1:1 hasabyndaky deňlikden soň «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew duşuşyk baradaky pikirlerini aýtdy. Metbugatyna maslahatyna ol, eýýäm, toparçalardan üstünlikli çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanan toparyň baş tälimçisi hökmünde çykdy diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

– Biz şu günki duşuşykda güýçli basyşyň boljakdygyny bilýärdik, çünki «Istiklola» hökman pökgi geçirmek we ýeňiş gazanmak zerurdy. Şonuň üçin hem duşuşyk ilkinji sekuntlardan başlap, tä emin tamamlanandygyny yglan edýänçä, örän kyn geçdi. Ikinji ýarymda biz örän möhüm pökgini geçirdik. Garşydaş hasaby deňledi, ýöne, barybir duşuşyk biziň haýrymyza tamamlandy. Men bu üstünlik bilen ähli futbolçylarymy gutlaýaryn. Şeýle şeýle agyr oýunda bizi kanagatlandyrýan netijäni alyp bildiler ― diýip, Ý.Hojageldiýew metbugat maslahatynyň başynda duşuşyk baradaky pikirlerini aýtdy.

– Şu günki duşuşykdan çen tutsaň, ýaryşyň indiki tapgyryna geçmäge «Istiklol» «Altyn asyra» garanyňda has mynasypdy. Bu barada siz nähili pikirde?

– Men hemişe aýdýaryn: eger topar ýeňiş gazanan bolsa, onda ol indiki tapgyra çykmaga mynasypdyr.

– Ýöne siziň toparyňyz ýeňiş gazanmady. Şu ýyl «Istiklol» bilen geçiren iki duşuşygyňyz hem deňlikde tamamlandy.

– Biz myhmançylykda oýnaýarys, üstesine-de, özümizi deňlige taýýarlap, şoňa razy bolup geldik. «Istiklolyň» meýdanynda özümizi kanagatlandyrýan netijäni almak bize ýeňşe barabar üstünlikdir.

– Duşuşygyň beýle dartgynly bolmagyny näme bilen düşündirip bilersiňiz?

– Biz myhmançylykda oýnaýarys, şonuň üçin oýunçylarymyzyň egnine has uly basyşyň düşjekdigi öz-özünden düşnükli.

– Maksadyna ýeten toparyň tälimçisi hökmünde pikirleriňiz?

– Duşuşygyň iň soňky sekuntlaryna çenli göreşi elden bermedik ähli oýunçylaryma tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň