Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: "Ahal" "Şagadama" "Dur!" diýdi

22:4622.06.2019
0
10040

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygynda “Ahal” ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Şagadamy” kabul etdi. Paýtagtymyzda geçen bu duşuşykda ýer eýeleri 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. “Ahala” ýeňiş getiren toplary Didar Durdyýew geçirmegi başardy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Balkanabatda ýerli “Nebitçi” bilen “Energetigiň” arasynda geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag” myhmançylykda “Aşgabady” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu tapgyrda “Altyn Asyr” bilen Marynyň “Merwiniň” arasyndaky duşuşyk paýtagtymyzyň toparynyň AFK-nyň Kubogynda çykyş edýändigi sebäpli 1-nji iýula geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Aşgabat” – “Köpetdag” – 1:2

Gollar: 67 Orazberdi Myradow (“Aşgabat”) – 75, 78 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)

Duýduryş: 11 Wekil Kadyrow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 200

 

 “Nebitçi” – “Energetik” – 0:0

Duýduryşlar: 61 Aşyrgeldi Ylýasow, 83 Şamämmet Hudyrow, 86 Azat Garajaýew, 90+2 Myratgeldi Berenow (“Nebitçi”) – 21 Söhbet Allanurow, 64 Amangeldi Saparow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

“Ahal” – “Şagadam” – 2:1

Gollar: 36, 90+4 Didar Durdyýew (“Ahal”) – 62 Didar Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 7 Mirza Beknazarow, 82 Didar Hajyýew (“Ahal”) – 82 Musa Nurnazarow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 200

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň