Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: "Ahal" myhmançylykda "Merwden" üstün çykdy

23:1318.06.2019
0
8555

Şu gün, 18-nji iýunda Maryda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. Onda ýerli “Merw” “Ahaly” kabul etdi. Bu duşuşykda netijeli urgy geçiren myhmanlar 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar - diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen bu duşuşykdan soň utugyny 24-e ýetiren “Ahal” ýaryş tertibinde ikinji orna geçdi. Ýeri gelende bellesek, ýaryş tertibinde birinji orny 28 utuk toplan Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” eýeleýär. Üçünji orunda 12 oýunda 23 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” ornaşdy.

13-nji tapgyryň geçirilen duşuşygynyň netijesi:

 “Merw” – “Ahal” – 0:1

Gol: 55 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 2 Toýly Goçnazarow (“Merw”) – 24 Hoşgeldi Hojowow, 62 Abdy Bäşimow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň