Arhiw

TÝL - 2019: "Şagadam" "Köpetdagdan" üstün çykdy, "Nebitçi" myhmançylykda ýeňilmedi

20:2511.05.2019
0
4452

Şu gün Türkmenbaşyda hem-de Maryda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam” paýtagtymyzyň “Köpetdagyny” kabul etdi. Bu duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Şagadam” toplan 16 utugy bilen ýaryş tertibinde eýeleýän ikinji ornuny saklap galdy. Maryda ýerli “Merw” bilen Balkanabadyň “Nebitçisiniň” arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Merw” – “Nebitçi” – 1:1

Gollar: 11 Akmyrat Begjanow 1:0 (öz derwezesine) – 61 Ýewgeniý Tkaçenko 1:1 (öz derwezesine)

Duýduryşlar: 38 Perman Hallyýew, 60 Bagtyýar Hojaahmedow, 77 Şanazar Tirkişow (“Merw”) – 40 Akmyrat Begjanow, 79 Musaguly Saryýew, 85 Elýas Akyýew (“Nebitçi”)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Tomaşaçy sany: 500

 

 “Şagadam” – “Köpetdag” – 2:1

Gollar: 23, 56 Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 67 Nurýagdy Muhammedow (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 57 Yhlas Magtymow, 77 Serdaraly Ataýew, 80 Röwşengeldi Halmämmedow (“Şagadam”) – Döwletmyrat Seýitmuhammedow (1-nji ýarym tamamlanandan soň), 90+2 Ezizmämmet Orazmämmedow (“Köpetdag”)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Çempionatyň tablisasy IX tapgyrdan soň:

1.“AHAL”9/19

2. “ŞAGADAM” 9/16

3. “ALTYN ASYR” 6/12

4. “ENERGETIK” 8/11

5. “NEBITÇI” 9/11

6. “KÖPETDAG” 9/8

7. “AŞGABAT” 8/7

8. “MERW” 8/5

X tapgyr:

Oýun37. 17-nji maý (an.) “Köpetdag” – “Merw”

Oýun38. 18-nji maý (şe.) “Aşgabat” – “Şagadam”

Oýun 39. 19-njy maý (ýe.) “Nebitçi” – “Ahal”

Oýun 40. 19-njy maý (ýe.) “Altyn Asyr” – “Energetik”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň