Türkmenistan Şanhaýda geçiriljek syýahatçylyk ýarmarkasyna gatnaşar

19:0402.04.2019
0
28331

Şu günler 53 döwletden 750 gatnaşyjy 18 ― 21- nji aprel aralygynda Şanhaýda geçiriljek Halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna taýýarlyk görýär diýip, “Ženmin Žibao” internet gazeti habar berýär.

Şanhaýyň medeniýet işleri we syýahatçylyk boýunça dolandyryş edarasyndan habar berilmegine görä, Türkmenistan, Marokko, Madagaskar, Papua-Täze Gwineýa we Gabon ýaly döwletleriň wekilleri däbe öwrülen bu halkara syýahatçylyk çäresine şu ýyl ilkinji gezek gatnaşarlar. Elbetde, bu ýarmarka dünýä döwletleriniň syýahatçylyk babatynda nobatdaky tejribe meýdançasyna öwrüler.

«Shanghai World Travel Fair» diýlip atlandyrylýan ýarmarka syýahatçylyk edaralarynyň, agentlikleriň, onlaýn-syýahat operatorlarynyň, awiakompaniýalaryň, medeni-syýahatçylyk merkezleriniň, myhmanhanalaryň we ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Ýarmarka 15 müň töweregi hünärmeniň, umumylykda bolsa 50 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň