Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy

20:4802.11.2018
0
13333

Aşgabatda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji  gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ilkinji wekili Ýulduz Jumabaýewa çykyş etdi we 45 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Munuň özi 21 ýaşly türgeniň dünýä çempionatynda gazanan ilkinji medalydyr.

Günüň ikinji ýarymynda 45 kilograma çenli agram derejesindäki zenan agyr atletikaçylaryň arasynda A toparyň, ýagny, iň güýçli türgenleriň ýaryşy geçirildi. 7 türgeniň arasynda geçirilen bu ýaryşyň tutuş çempionatyň taryhynda hem ýatda galyjy pursatlara baý bolandygyny aýtmak gerek. Çünki ýaryşda günüň rekordy goýuldy, çempionatyň iň kiçi ýaşly türgeni çykyş etdi we biziň milli ýygyndymyz ilkinji medallaryny gazandy.

Ozalky habarlarymyzyň birinde çempionatyň iň kiçi ýaşly türgeni, wýetnamly Zi Zu Trang Nguýen hut şu agram derejesinde ýaryşýar. Ştangany silkip götermek boýunça ýaryşa 70 kilogramlyk agyrlygy göterip, üstünlikli başlan wýetnamly gyz, soňky iki synagynda 73 kilogramy eýgermedi. Itekläp götermekde bolsa ol ilki 78, soňra 81 kilogramlyk agramlygy göterdi. Ýöne üçünji gezekde 83 kilogramy göterip bilmän, ýaryşyň ikinji bölegini hem tamamlady. Şeýlelikde, çempionatyň iň kiçi ýaşly türgeni ýaryşy 151 kilogram netije bilen tamamlady. 

Ýokarda şu ýaryşda çempionatyň ikinji rekordynyň goýlandygyny hem ýaňzydypdyk. Bu rekordy wenesuellaly Katerin Oriana Eçandiýa Zarate goýdy. 17 ýaşly türgen 45 kilograma çenli zenanlaryň arasynda ýaşlaryň rekordyny hut şu ýaryşda 90 kilograma çykardy.

Bu agram derejesiniň altyn we kümüş medallarynyň ikisine-de tailandly türgenler mynasyp boldy. Şu wagta çenli gatnaşan ýaryşlarynyň ählisinde iň bolmanda bürünç medala mynasyp bolan Tunýa Sukçaroen ilkinji dünýä çempionlygyna Aşgabatda ýetdi. Iki görnüşiň netijesi boýunça 186 kilogramlyk netije görkezen tailandly türgen gyz kümüş medala mynasyp bolan ildeşi Çiraphan Nantzawongdan 15 kilogram öňe saýlandy. Ýaryşy bürünç medal bilen tamamlan Ýulduz Jumabaýewa bolsa silkip götermekde 75, itekläp götermekde 94 kilogram netije görkezdi.

Ýeňşiňiz gutly bolsun, türkmen türgenleri! Höwri kän bolsun!                                           

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň