Soňky habarlar

Arhiw

Waleriý Nepomnýaşiý täze çakylyk aldy

22:1604.06.2018
0
6477


Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, köp ýyllaryň dowamynda Kamerunyň milli ýygyndysynda we Russiýanyň ençeme klubynda işlän tälimçi Waleriý Nepomnýaşiý Russiýanyň Milli futbol ligasynda çykyş edýän Kaliningrad şäheriniň «Baltika» toparyndan çakylyk aldy. Sports.ru saýtynyň habar bermegine görä, 74 ýaşly tälimçi ozalky baş tälimçi Igor Çerewçenkonyň wezipesinden gitmegi bilen, bu topar bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. «Baltika» MFL-i geçen möwsümde bäşinji orunda tamamlapdy.
— Klubdan çakylyk gelende men karýeramy dowam etdirmek barada ýene bir ýola çynlakaý pikirlendim — diýip, W.Nepomnýaşiý gürrüň berýär. — Kaliningradda örän gowy klub bar we futbolçylar ajaýyp mümkinçilikleri bolan toplumda türgenleşýärler. Topar geçen möwsümde has ýokary netijeler üçin çykyş edip biljekdigini görkezdi. Täze möwsümdäki esasy maksadymyz RFPL-e çykmak bolar. Ýaşym? Mende şeýle bir ýörelge bar: döredijilikli işlemek üçin ýaş möhüm zat däl.
Altaý ülkesinde doglan tälimçi karýerasyna Türkmenistanda başlaýar. Täsin eşidilse-de, ol ilki 15 ýyllap Serdar şäherindäki bir toparda basketbol oýnaýar. Ýöne tälimçiniň şäherden göçüp gitmegi bilen, onuň sport karýerasynda hem öwrülşik bolýar.
Şeýlelikde, ol futbolda kämilleşip, Aşgabadyň «Kolhozçysynda» uzak ýyllaryň dowamynda futbol oýnady. W.Nepomnýaşiý tälimçilik işi bilen bagly dünýäni gezdi: ol Kamerun, Hytaý, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Özbegistan ýaly döwletlerde tälimçi bolup işledi.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň