Soňky habarlar

Arhiw

Ylymlar güni mynasybetli Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçiriler

15:4601.06.2018
0
7409

Hökümetiň göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milletiň Liderine 12 — 13-nji iýunda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek foruma türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan we ýaş hünärmenlerden başga-da, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň onlarçasyndan ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine bilim we innowasion ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň wajyp meseleleri, ylmy işi hem-de tehnologiýalary işläp taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary girizildi. Şeýle hem ylmyň we önümçiligiň özara gatnaşyklarynyň öňdebaryjy tejribesi, esasy ylmy-tehnologik merkezleriň gazananlary hem-de ylmy işgärleri taýýarlamaga täze çemeleşmeler bilen baglanyşykly meselelere garalar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ylmy forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berip, bu maslahatyň düýpli ylmyň, ýokary bilimiň, işewürligiň we ykdysadyýetiň hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, netijeli tehnologiýalary döretmek we ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň