Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy şäherinde sebitdäki iň uly halkara deňiz portlarynyň biri ulanylmaga berildi

23:5402.05.2018
1
27450

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Derweze görnüşli girelgäniň ýanynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, Halkara deňiz portuny açýar.

Deňiz duralgasynyň çäklerinde aýratyn ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär, bu ýerde belli aýdymçylaryň we çeper höwesjeňler toparlarynyň ýerine ýetirmeginde iri möçberli sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz duralgasynyň ugry boýunça ak mermere örtülen binalary we jaýlary, portuň inžener-tehniki desgalaryny synlaýar, ähli ýerlerde milli Liderimiz aýdym-sazlar we tanslar, aýdyň öwüşginli çykyşlar bilen garşylanylýar.

Portuň umumy meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. Gämileriň duralga has ýakyn gelmegi üçin 10 million kub metr möçberindäki topragy aýyrmak hem-de deňziň düýbüni çuňaltmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deňdir, munuň özi bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegine, gitmegine hem-de olara hyzmat etmäge mümkinçilik berer.

Gämi duralgasynyň meýdançalarynyň birinde ýörite gurnalan açyk teatryň iki tarapynda dutarçylaryň birleşdirilen topary çykyş edýär, giň sergi guraldy. Onuň bir bölegi türkmenleriň amaly-haşam sungatyna, milli medeniýetiň we ýaşaýyş-durmuş däp-dessurlaryna, beýleki bölegi bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman senagatyna, şol sanda onuň eksport ugruna bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyrylan sergini synlap, dabaralaryň geçirilýän binasyna tarap ugrady. Milli Liderimize we dabara gatnaşyjylaryň ählisine multimediýa tomaşasy görkezildi. Ýörite öwüşginler we lazer tehnikasy peýdalanylan giň ekranda görkezilen filmiň edebi esasyny hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby düzdi.

Film tamamlanandan soňra, alypbaryjy hormatly Prezidentimize Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylmagyna ak pata bermegi barada haýyş bilen ýüz tutdy.

Milli Liderimiz ak pata berip, “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna tarap ugrady. Bu desga ýurdumyzyň halk hojalyk toplumy üçin düýbünden täze önümçilikdir hem-de ýurdumyzyň gämi gurluşygynyň kemala gelmegi üçin binýady emele getirýär. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri we beýlekileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyry ýerine ýetiriler.

Kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän zawod döwrebap tehnologiýalary hem-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen, şol döwrüň içinde 4 — 6 gämini gurmaga ukyplydyr. Mundan başga-da, bu önümçilik desgasy bir ýylda poladyň 2 müň tonnasyny hasaba almak bilen, 20 — 30 gämini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri geçirmäge ukyplydyr.

Bu ýerde ýük göterijiligi 10 müň tonna bolan gämileriň ýerini üýtgediş ulgamy oturdyldy, şeýle hem ýük göterijiligi 80 tonna tigirli kran, ýük göterijiligi 40, 60 we 80 tonna bolan relsde ýöreýän kranlar bar. Gämi gurluşygy — bu ýokary tehniki we çylşyrymly işdir. Ol dürli kärleriň we hünärli işgärleriň ençemesini utgaşdyrýar. Umuman, 166 müň inedördül metri eýeleýän “Balkan” zawodynda 1160 iş orny döredildi.

Hormatly Prezidentimiz elektron ekranda öz goluny çekýär, ýörite lazer enjamy bolsa goluň nusgasyny taýýarlanylan demir bölegine göçürýär, bu ekranlarda görkezilýär.

Bu ýerden döwlet Baştutanymyz ýolagçy terminalyna tarap ugrady.

Ýüzugra milli Liderimiz konteýner terminalyny, ürgün ýükler we umumy ýükleýiş terminallaryny synlady. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda bolýan hünärmenler dürli ýükleri kabul etmekde, işlemekde, saklamakda we ibermekde Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

Bu ýerde ulag-aragatnaşyk pudagyna bagyşlanan sergi guraldy. Wideodiwarlyklar görnüşindäki sergi dürli halkara guramalar, şeýle hem Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň degişli düzümleri bilen tanyşdyrýar.

Bu wideotanyşdyrmalaryň umumy pikiri ulag akymlarynyň ösdürilmegi, köp sanly döwletleriň we iri sebitleriň ugurlarynyň goşulmagy döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna ýardam etjekliginde jemlenýär.

Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutuldy.

Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda iki gämi birbada ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge ukyplydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň