Soňky habarlar

Arhiw

Berlinde “Margiana —–Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy

11:0025.04.2018
0
11193

24-nji aprelde Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana —–Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. 
Ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda guralan bu sergi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol köp sanly daşary ýurtly muşdaklara taryhyň gadymy döwürlerine şaýatlyk edýän gymmatlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol döwürlerde Gündogaryň aýry-aýry patyşalyklarynyň arasynda halkara gatnaşyklar ýola goýlup başlapdyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologik gymmatlyklary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde sungatyň ösen derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ägirt uly Goňurdepe oturymly ýeri onuň merkezi bolupdyr. Ol häzirki Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäginde ýerleşýär.
Biziň gymmatlyklarymyzyň Berliniň Täze muzeýinde goýulmagynyň çuňňur manysy bardyr. Bu muzeý ýetmiş ýyllyk arakesmeden soň, golaýda açyldy we özüne nemes paýtagtynyň döwlet muzeýleriniň möhüm gymmatlyklarynyň üç toplumyny: täsin papirus ýygyndysyny özünde jemleýän Müsür muzeýiniň, Ilkidurmuş we irki taryh muzeýiniň, şeýle hem Gadymy Gresiýanyň we Rim imperiýasynyň gadymy döwürleriniň gymmatlyklaryny birleşdirýär.
Meşhur nemes suratçysy Gerlinda Kýolbliň täsin işleri Berlin sergisine aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu suratçy Gadymy Merwde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň we desgalarynyň, Murgap jülgesiniň haýran galdyrýan tebigatynyň, Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň çeper suratlaryny düşürmek üçin, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyza geldi.
XXI asyrda Marguş ýurdy öz syrlaryny açýar we döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, nesilleriň dowamatlylygynyň hem-de bütindünýä medeni mirasyň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrülýär. Berliniň döwlet muzeýleriniň birleşigine girýän Taryha çenli döwür we irki taryh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky şu sergi hem muňa ýardam edýär.
Sergi 15-nji oktýabra çenli dowam eder hem-de Berlinden soň, nemes şäherleriniň ikisinde guralar. Dört aýyň dowamynda sergä Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde, soňra bolsa 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeýler toplumynda tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň