Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti atçylyk toplumyna baryp gördi

04:2331.07.2017
0
11382

30-njy iýulda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atly taýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy.

... Ozal habar berlişi ýaly, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip atlandyrylan 2017-nji ýylyň başynda bu atçylyk toplumynda taýçanajyk dünýä indi, hormatly Prezidentimiz oňa Ruhubelent diýip at berdi.

Häzir taýçanagyň dogulanyna ýedi aýa golaý boldy, ol ösdi, özüni oňat duýýar, athanada bökjekläp oýnaýşy onuň ýagdaýynyň gowudygyndan habar berýär. Döwlet Baştutanymyz taýçanagy sypalady, ony özüne öwrenişdirdi, ynamly gatnaşyk ýola goýuldy. Ruhubelent özi bilen çyn ýürekden we mähirli didarlaşylýandygyny şol bada duýup, el hereketi bilen aňladylýan buýruklara, sesiň aýratynlygyna aňsatlyk bilen boýun boldy.

Döwlet Baştutany atçylyk toplumynda idedilýän özüniň eý görýän bedewleri bilen didarlaşyp, nesil ugruny meşhur bedewlerden alyp gaýdýan Gujurly atly bedewde gezelenç etdi. 

Sport – gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň ýokary belentliklere okgunly hereketiň nyşany. Şol sebäpli hem Türkmenistanda sport we atçylyk sporty barha uly meşgurlyga eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz yzygiderli ýagdaýda dag eteklerinde atly gezelençleri amala aşyrýar ýa-da ýaşlaryň hem-de işjeň dynç almagyň tarapdarlarynyň arzyly künjegi bolan Saglyk ýoluna çykýar. Şu günki ir-säher çagy hem şeýle boldy, ony döwlet Baştutanymyz bedewler bilen görüşmäge bagyşlady.

Milli Liderimiz atly gezelenji tamamlap, bedewini athana getirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bedewlere ideg etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň