Soňky habarlar

Arhiw

«Boý Bodron» dermanhanasy müşderilerine ýyladyjy trikotažlaryň uly toplumyny hödürleýär

12:5416.10.2021
0
12016

«Boý Bodron» dermanhanasy müşderilerine ýyladyjy trikotažlaryň dürli görnüşlerini ― içki balaklary we köýnekçeleri, joraplary, ellikleri hödürleýär.

Ýyladyjy trikotažlar gan damarlarynyň giňemegi bilen bagly ýüze çykýan warikoz kesellerini, limfa ulgamynyň käbir näsazlyklaryny bejermekde we olaryň öňüni almakda, şeýle hem operasiýadan soňky çişlerde peýdalanylýar. Aýaga berk geýdirilýän bejeriji trikotažlar wena gan damaryndan ganyň dogry aýlanmagyna ýardam berýär, gan aýlanyş tizliginiň artmagyny we wena damarlarynyň diametriniň kiçelmegini üpjün edýär. Trikotaž matasynyň dykyzlygynyň birmeňzeş däldiginiň hasabyna ýyladyjy dyzlyklar aýagyň but bölegini gowşak, injik bölegini bolsa berk ýagdaýda saklaýar.

Ýyladyjy we bejeriji trikotažlary dogry saýlamaga «Boý Bodron» dermanhanasynyň hünärmenleri ýardam berýär.

Dermanhananyň harytlary bilen onuň resmi saýtynda ýa-da Aşgabat şäheriniň Görogly köçesinde ýerleşýän «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezindäki dükanynda tanyşmak bolar. Şeýle hem «Boý Bodron» dermanhanasynyň 9:00-dan 21:00-e çenli hereket edýän eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň