Tebigy deriden ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürýän “Röwşen” hususy kärhanasy ähli önümleri üçin 10-dan 50 %-e çenli arzanladyş yglan edýändigini habar berýär.
Arzanladyşly “Röwşen” aýakgaplaryny kärhananyň ýurdumyzdaky ähli sowda nokatlarynda satyn alyp bolýar.
%20-%201.jpg)
Isleg bildiren aýakgaplaryňyzy kärhananyň resmi saýtyndan onlaýn sargyt esasynda hem satyn almak mümkinçiliginiň bardygyny bellemek gerek. Satyn alnan harydyň tölegi nagt görnüşde, bank karty arkaly hem-de onlaýn-kart esasynda kabul edilýär.
“Röwşen” hususy kärhanasy 2003-nji ýylda esaslandyryldy. “Röwşen” kärhanasynyň önümleri hil babatda, nusgawy dizaýny we amatly bahalary bilen tapawutlanýar. Aýakgaplaryň önümçiliginde Türkmenistanda taýýarlanan derilerden peýdalanylýar.
“Röwşen” aýakgaplary ýurduň 35-den gowrak söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenýär.
Giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgisi: +993(12) 21-63-06, +993(64) 14-14-19.
Şeýle-de okaň:
- «Röwşen» hususy kärhanasy deriden taýýarlanan täze gapjyklaryň we ýantorbalaryň önümçiligine başlady
- «Röwşen aýakgaplary» kompaniýasy internet-söwda hyzmatyny ösdürýär
- «Röwşen aýakgaplary» saýtynyň bezegi täzelendi
Wideo:
