Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edýär

0
5636
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
44-46-64, 44-46-77.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda, Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edýär.

1-nji LOT — 2 sany 9 gatly, 54 öýli we 4 sany 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlary;

2-nji LOT — 2 sany 9 gatly, 54 öýli we 4 sany 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlary;

3-nji LOT — 4 sany 9 gatly, 54 öýli we 4 sany 9 gatly 36 öýli ýaşaýyş jaýlary;

4-nji LOT — 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi;

5-nji LOT — seýilgäh.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler