Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

0
25367
Salgysy:
г.Ашхабад, Арчабил шаёлы, 20
Telefon belgiňiz:
40-04-78, 40-04-79
Soňky täzelenme:

Lot ¹1 — Halkara talaplara laýyk gelýän durmuş-wajyp derman serişdelerini satyn almak;
Lot ¹2 — Halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk harytlaryny we reagentleri satyn almak;
Lot ¹3 — Halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot ¹4 — Halkara talaplara laýyk gelýän waksinalary, immunobiologik, zyýansyzlandyryş serişdelerini we enjamlary satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.
Bäsleşik resminamalarynyň toplumyny 2018-nji ýylyň 21-nji awgustyna, sagat 18.00-a çenli alyp bolar.
Bäsleşik teklipli bukjalar 2018-nji ýylyň 5-nji sentýabryna, sagat 18.00-a çenli şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 20, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Habarlaşmak üçin telefonlary: 40-04-78, 40-04-79.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler